SYÝASAT
Mary welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hyrat welaýatyna sapar amala aşyrdy
2024-nji ýylyň 19-21-nji noýabry aralygynda Mary welaýatynyň häkimi Begençmyrat Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hyrat welaýatynda saparda boldy.
Iş saparynyň çäklerinde Hyrat welaýatyň häkimi Nur Ahmad Islamjar, Badhyz welaýatynyň häkimi Abdul Samad Jawyd hem-de degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Owgan tarapy öz nobatynda goňşy Türkmenistanyň berýän kömekleri hem-de hemmetaraplaýyn ýardamlary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.
Hyrat welaýatyna iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Hyrat welaýatynyň Senagat şäherçesine baryp, ol ýerdäki iri kärhanalaryň işi bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle-de, wekiliýet agzalary Hyrat welaýatynyň gadymy taryhy-medeni ýadygärliklerini aýlanyp gördüler.