ПОЛИТИКА
2023-nji ýylyň 27-nji iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlikleriniň, degişli hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Geňeşmeleriň güň tertibine laýyklykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konsullyk ulgamyna degişli möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Özbegistanyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bu ugurda bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça tekliplere garaldy.
Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini düzgünleşdirýän Teswirnama gol çekildi.