Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

Arkadag” topary taryhy ýeňiş gazandy

Arkadag şäheriniň “Arkadag” topary türkmen futbolunyň halkara arenasyndaky iň uly ýeňişleriniň birini gazanmagy başardy. Gatnaşýan islendik ýaryşynda diňe ýeňiş gazanmagy esasy maksady edinýän “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň dört gezek çempiony “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, gysga wagtyň dowamynda taryhy netije gazanmagy başardy. Toparymyza taryhy ýeňiş getiren toplary Mekan Saparow (59-njy minut) bilen Altymyrat Annadurdyýew (112-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar.
 “Arkadag” toparynyň garşydaşy hakynda bellesek, toparçalaýyn bäsleşiginde ikinji orny eýeläninden soň abraýly ýaryşyň çärýekfinalyna adyny ýazdyrypdy. Ispaniýaly tälimçi Pep Munýosyň türgenleşdirýän topary çärýekfinalda Mýanmanyň çempiony “Şan Ýunaýted”, ýarymfinalda bolsa Indoneziýanyň “Madura Ýunaýted” toparlaryndan üstün çykagy başarypdy.
Abraýly ýaryşyň ilkinji oýunlaryndan aýgytlaýjy duşuşyga çenli ynamly oýun görkezen tejribeli tälimçi Wladimir Baýramowyň tälim berýän “Arkadag” topary toparçalaýyn bäsleşigini öňdäki orunda tamamlady. «B» toparçada çykyş eden toparymyz şonda Maldiw adalarynyň “Maziýa Sports”, Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata” hem-de ýerli “Al-Arabi” toparlary bilen geçirilen duşuşyklarda netijeli çykyş edipdi.  Çärýekfinal duşuşygynda bolsa iki oýnuň netijesinde (1:0, 2:1) Hindistanyň “Ist-Bengal” toparyndan üstün çykypdy. Kuweýtiň “Al-Arabi” topary bilen geçirilen duşuşykda myhmançylykda geçiren birinji duşuşygynda ýeňlendigine garamazdan, Arkadag şäherindäki 10 müňlük ajaýyp stadionda geçirilen jogap oýnunda kyn pursatdan hem baş alyp çykýandygyny aňryýany bilen görkezmegi başarypdy. 
 “Arkadag” toparynyň halkara arenasynda gazanan üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde futboluň hem dünýä derejesine çykýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. 

Taýýarlan: Myrat Mollaýew Mary şäheriniñ N2 sport mekdebiniñ direktory.