Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YLYM WE TEHNIKA

OPEK dünýäde nebite bolan islegiň ýokarlanmagyny belleýär

Nebiti eksport ediji döwletleriň (OPEK) täze aýlyk hasabynda 2023-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ýokarlanýandygyny belledi. Çaklama 2023-nji ýylyň ýanwarynda bazarda işjeňlige esaslandy.
OPEK-iň çaklamagyna görä, nebite bolan isleg 2023-nji ýylda günde 2,32 mln barrele çenli artyp, günde 101,87 mln barrele çykar. Muňa COVID-19 bilen bagly çäklendirmelerden soň, ykdysadyýetde işjeňligiň dikeldilmeginden soň Hytaýyň görkezijileriniň gowulanmagy sebäp bolup biler.
Bahalar boýunça çaklama OilPrice-yň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy. OilPrice nebit we gaz, alternatiw energetika we geosyýasat boýunça meşhur saýtlaryň biri. 2027-nji ýyl üçin nebitiň ortaça baha çaklamasy 90 dollar.
Çaklama energetika ulgamynda 1000 sany hünärmenden pikir soraşmagyň netijelerine esaslanýar. Brent nebitiniň bahasynyň çaklamalarynyň ählisiniň ortaça görkezijisi 87 dollara deň boldy. Şol bir watda pikir soraşylan hünärmenleriň ýarysy ortaça bahany 80-95 dollar aralygynda görýärler