MEDENIÝET
Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisinde görkeziler
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň on sany muzeý hünärmenlerinden ybarat wekiliýeti «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisine gatnaşar. Bu sergi Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Dunhuan şäherinde şu ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda geçiriler.
Türkmenistanyň bu möhüm halkara çäresine hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy awgust aýynyň başynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň wagyz ediş bölüminiň müdiri Çžan Ýunsýa bilen geçirilen duşuşygynda yglan edildi.
«Ýüpek ýoly» ekspozisiýasynda iki muzeýiň - Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklary görkeziler. Bular milli medeni gymmatlyklaryň iň uly ammarlary bolup, olaryň köpüsi bütin dünýäde meşhurdyr.
Hususan-da, Döwlet muzeýiň gaznalarynda saklanýan raritetleriň sergisi Nýu-Ýork Metropoliten muzeýinde we Germaniýanyň şäherlerinde guraldy.
Türkmenistanyň iň baý medeni mirasynyň aýawly saklanylmagy we olaryň ylmy taýdan öwrenilmegi, giňden wagyz edilmegi döwlet syýasatynyň üstünlikleriniň biridir. Munuň şeýledigini ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» hem aýdyň tassyklaýar.
Şu ýylyň 6-8-nji sentýabr aralygynda Gansu welaýatynyň Dunhuan şäherinde geçiriljek «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisiniň açylyş dabarasyna 1200-den gowrak hytaýly we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.