Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalyna çykmagy başardy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň soňky iki ýylynyň çempiony “Arkadag” topary taryhy netije gazanyp, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalyna çykdy. 
 16-njy aprelde geçirilen jogap oýnuny öz meýdanynda geçiren “Arkadag” topary ilkinji minutlardan garşydaşyny aldym-berdime salan hüjümleri guramagy başardy. Birinji duşuşykda garşydaşyndan 2:0 hasabynda ýeňlen toparymyzyň netijeli oýny soňlugynda özüne gerek bolan hasaby gazanmaga mümkinçilik berdi. Geçirilýän yzygiderli hüjümleriň netijesinde 3:0 hasabynda üstün çykan “Arkadag” toparyna ýeňiş getiren gollary Şanazar Tirkişow (7-nji hem-de 90+3-nji minutlar) hem-de Altymyrat Annadurdyýew (58-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. 
“Arkadag” toparynyň finaldaky garşydaşy Kamboja Patyşalygynyň “Preah Khan Reaçh Svay Rieng” topary bilen Indoneziýanyň “Madura Ýunaýted” toparlarynyň arasyndaky ýarymfinal duşuşygynyň ýeňijisi bolar. AFK-nyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynyň şu ýylyň 10-njy maýynda geçirilmegine garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, “Arkadag” topary ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryny hem ynamly geçipdi. «B» toparçasynda çykyş eden toparymyz şonda Maldiw adalarynyň “Maziýa Sports”, Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata” hem-de ýerli “Al-Arabi” toparlary bilen geçirilen duşuşyklarda netijeli çykyş edipdi.  Çärýekfinal duşuşygynda bolsa iki oýnuň netijesinde (1:0, 2:1) Hindistanyň “Ist-Bengal” toparyndan üstün çykypdy.
Gatnaşýan islendik ýaryşynda diňe ýeňiş gazanmagy esasy wezipesi edinýän “Arkadag” toparyna Aziýanyň abraýly ýaryşynda ýeňşiň ýar bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Taýýarlan: Nurmyrat Geldiýew Wekilbazar etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň 1-njy sport mekdebiniň Grek-Rim boýunça tälimçisi