Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

Merw” “Şagadamdan” üstün çykdy

8-nji sentýabrda 16-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda “Merw” bilen “Şagadam” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Merw” topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Mary şäheriniň toparyna ýeňiş getiren toplary Myrat Ýakşiýew öz adyna ýazdyrdy.
Gazanan bu ýeňşinden soň 12 utuk toplan “Merw” topary ýaryş tertibinde ýedinji orna geçmegi başardy. 8 utugy bolan “Şagadam” topary 9 orny eýeleýär.
 
16-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:
 “Merw” – “Şagadam” – 2:0
Gollar: 20, 70 (11 m.j.u.) Myrat Ýakşiýew (“Merw”)
Duýduryş: 44 Pirmyrat Sultanow (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary.)
Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.) 
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), R.Ereşow (Türkmenabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
 
Çempionatyň tablisasy:    
T/bToparlarOÝDUTU
1.  «Arkadag»12120039-936
2.  «Altyn Asyr»14102237-1232
3. «Nebitçi» 1481523-1625
4. «Köpetdag»1352617-2517
5. «Ahal» 1351718-1916
6. «Aşgabat»1451817-3316
7. «Merw» 1133512-1612
8. «Energetik»14401011-2712
9. «Şagadam» 1522119-268