SYÝASAT
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.
Şeýle hem forumyň işine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we hormatly myhman hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew gatnaşdylar.
Türkmen döwletiniň baştutany Serdar Berdimuhamedow Konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona myhmansöýerlik we bilelikdäki netijeli iş üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda belleýşi ýaly, biziň döwletimiz halklarymyzyň bähbitlerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny saklamagyň we netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili boljak döwletara gural hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň formatyna örän möhüm ähmiýet berýär.
Şu nukdaý nazardan, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky Kararnamasynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu Kararnama Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde yglan edýär. Biz bu resminamanyň kabul edilmegine sebitimizde özara düşünişmek ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, Merkezi Aziýanyň ykdysady, ekologik, ynsanperwer wezipelerini çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ony pugta parahatçylygyň, howpsuzlygyň giňişligine öwürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki 78-nji sessiýasynyň barşynda-da bu ugurdaky işleri işjeň dowam etdirer. Biz dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda, sebitimizi ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýarys diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady. Hususan-da, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog maslahatyny döretmek teklip edilýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki başlangyçlarynyň hatarynda BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamak, ýöriteleşdirilen düzümi - Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklipleri görkezdi. Türkmenistan bu merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek üçin ähli zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardyr.
Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak örän möhüm wezipe bolup durýar. Bu babatda örän anyklyk we täsirli çäreler zerur diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamagy teklip edýär. Onuň işiniň many-mazmuny we maksady söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmakdan, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmekden, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmekden ybaratdyr.
Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniň we maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene bir ulgam innowasiýalar hem-de täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr. Biziň ýurtlarymyzda innowasion ösüşiň uly kuwwaty, oňat ylmy mekdepler we tehnologik tejribeler bar.
Bu artykmaçlyklary birleşdirmek, tejribe, bilimleri alyşmagy ýola goýmak, bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, innowasion bilimleri ösdürmek üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek, ýaşlaryň döredijilik başlangyjyny höweslendirmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda sebitiň döwletleriniň ykdysadyýetlerine aýdyň innowasion häsiýet bermegiň hem-de sanly ulgamy ösdürmegiň örän möhüm wezipedigini, bu işleri bilelikde ýerine ýetirmek zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmek teklip edilýär, ol bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary utgaşdyrar.
Energetika Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň ýene bir esasy ugry bolup durýar. Häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly energetika hyzmatdaşlygy üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Türkmenistan özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna, olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardyr. Bu teklibe biziň döwletlerimiziň arasynda uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini - Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanýar diýip, döwlet Baştutany belledi.
Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz umumy tagallalar arkaly Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda, şeýle-de Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigini nygtady.
Medeni-ynsanperwer meselelerde netijeli gatnaşyklar sebitiň sazlaşykly ösmeginiň we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň girewi bolup durýar. Bu gün döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň bilelikdäki duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary, sergileri we beýleki çäreleri üstünlikli geçirmegiň okgunly ösüşi, oňyn tejribesi barada kanagatlanma bilen aýtmak bolar.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda ýurdumyzyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Öz gezeginde duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan konsultatiw duşuşyklaryň görnüşiniň özüniň netijeliligini tassyklandygy bellenildi. Munuň özi, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Bellenilişi ýaly, sebit hyzmatdaşlygynyň uly tejribesi toplandy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe oňyn teklipler beýan edildi. Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň çuňňur taryhy däpleriniň bardygyna aýratyn üns çekildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Onda taraplaryň giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanylýar.
Mundan başga-da, Sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak hakynda Ylalaşyga, Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň birinji duşuşygynyň Duşenbe beýannamasyna, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýaşlar syýasatynyň umumy ugurlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň işleri boýunça milli utgaşdyryjy geňeşi hakynda Düzgünnama kabul edildi.