Sport
Türkmen samboçylary dünýä çempionaynda 6 medal gazandylar
Türkmen samboçylary Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen dünýä
çempionatynda alty medal — 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar diýip,
«www.sambo/sport» saýty habar berýär.
Söweş sambosynda 71 kilogram agram
derejesinde Muminjan Arzykulow altyn
medal gazandy. Kümüş medallary Bägül
Nuryýewa (söweş sambosy, 50 kilograma
çenli) we Sabina Agajanowa (söweş sambosy, 80 kilogramdan ýokary) gazandylar.
Bürünç medallara Kambar Umarow
(sport sambosy, 71 kilograma çenli), Zarina Abdurahmanowa (söweş sambosy, 54
kilograma çenli) we Gülzada Jorakulyýewa (söweş sambosy, 72 kilograma çenli)
mynasyp boldular.
Ýaryşa dünýäniň 80 ýurdundan 470
den gowrak türgen gatnaşdy. Şu ýyl çempionatyň maksatnamasyna ilkinji gezek
ýaryşyň täze görnüşleri — zenanlar söweş sambosy we gözi görmeýän türgenleriň arasyndaky tutluşyklar goşuldy.
Taýýarlan: Mekan Ulugow Baýramaly etrabynyň N1 sport mekdebiniň tälimçisi