Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA ÇYKYŞ ETDI

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Bu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.
Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr.
Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar. Biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologik, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologik, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygyna ynanýarys. Sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez, olary çözmegi bolsa has giçki möhlete goýup bolmaz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi üpjün etmekden ybaratdygyny, agza döwletleriň tejribesini, ygtyýarlylygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmelidigini nygtady. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny barada aýdyp, esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, BMG-niň häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýändigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly, ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy, gapma-garşylykly dartgynlylygy ýeňip geçmek, ylalaşyk, bähbitleri özara hasaba almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin bütindünýä guramasynyň mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly peýdalanylmalydygynyň wajyplygy bellendi.
Bu ugurda Türkmenistanyň birnäçe başlangyçlary beýan edildi. Hususan-da, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi.
Şol bir wagtda, şeýle strategiýa adaty töwekgelçilikler bilen bilelikde, soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidir. Şeýle hem biz strategiýa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny, hususan-da, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny; jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy; BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýäris.
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynam bildirip, Türkmenistanyň oňa girişmäge hyzmatdaşlary hormat bilen çagyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyç beýan edildi. Maslahatyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlaryny we dünýä bileleşigini, halkara guramalary, maliýe we ykdysady institutlary ýakynlaşdyrmaga, bu sebiti durnukly, gapma-garşylyksyz ösdürmegi üpjün etmek işinde olaryň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň birinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygy beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz, ýakyn ýyllarda BMG-nyň işiniň esasy ugurlarynyň arasynda Türkmenistanyň möhüm howa we ekologiýa meselelerini çözmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleler aýratyn bellenildi.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň howa boýunça Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalary, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklarynda ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar.
Şol bir wagtda, biz dünýä bileleşiginiň Ählumumy metan borçnamasyny amala aşyrmak boýunça tagallalaryny goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Şunda türkmen tarapynyň bu işde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, agza ýurtlar, beýleki gyzyklanýan hyzmatdaşlar tarapyndan anyk kooperasiýa we salgyly ýardama bil baglaýandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky “Ýol kartasy” tassyklanyldy. Bu resminama ýakyn wagtda guramanyň Sekretariatyna iberiler.
BMG-de Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetdi diýip hasaplaýaryn. Bu meselelere seredilende, belli bir hereketsizligi ýeňip geçmeli we örän uly giňişlikleri eýeleýän, özboluşly tebigy serişdeleri hem-de biologik köpdürlüligi bolan, şol bir wagtda düýpli ekologik töwekgelçilikleriň zolagynda ýerleşýän 80 milliona golaý ilatly sebit babatda BMG-niň maksatly ekologik strategiýasyny taýýarlamak boýunça belli bir salgyly we anyk çärelere başlamaly diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende, Türkmenistan möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. Bu merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barar. Şunuň bilen baglylykda, merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygy beýan edildi.
Merkezi Aziýa Hazar deňzine galtaşýan sebitdir.
Kenarýaka ýurtlar tarapyndan köpýyllyk tutanýerlilik we hormat goýmak arkaly alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy düzgünleri işlenip taýýarlandy. Şol sanda esasy resminama — Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa kabul edildi. Türkmenistanda geçen ýylyň tomsunda geçirilen altynjy Hazar sammitine ähli gatnaşyjylaryň ekologik mesele boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bu bolsa kenarýaka döwletleriň BMG bilen giňden we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy üçin gowy mümkinçilik açýar diýip hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklip girizildi. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenendir.
Ileri tutulýan şol meseleleriň arasynda ulag babatda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagy aýratyn belleýäris. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu möhüm ugur boýunça dialog üçin netijeli halkara platformany döretmegiň başyny başlaýjy boldy. Aşgabatda 2016-njy ýylda üstünlikli geçirilen durnukly ulag boýunça BMG-niň birinji ählumumy maslahatyny, şeýle hem geçen ýylyň tomsunda BMG bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda guralan deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny ýatlap geçeliň diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Biz Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, diňe soňky ýyllarda ulag babatda öňe süren başlangyçlarymyz boýunça Baş Assambleýanyň alty Kararnamany kabul edendigine buýsanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şolaryň soňkularynyň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamany görkezmek bolar.
Şunuň bilen baglylykda, şol Kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, Türkmenistan bu mejlisiniň çäklerinde «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli ýokary derejeli maslahaty çagyrmagy teklip edýär. BMG-niň degişli düzümleriniň bu çäräni Nýu-Ýorkda guramakda ýardam berjekdigine umyt edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Azyk meselesini çözmekde BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugrudyr. СOVID-19 pandemiýasy beýleki amatsyz şertler bilen bir hatarda, hut azyk meselesiniň çözülmedik meseledigini, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň gowşaklygyny ýüze çykardy.
Şoňa görä-de, döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende, agzybirlik, tutanýerlilik, aýgytlylyk zerurdyr. Islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeler möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütler, täze çemeleşmeler zerurdyr.
Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu çäräni ylalaşylan möhletlerde türkmen paýtagtynda geçirmek üçin şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.
Geljek ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler.
Ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz: “Goý, döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk, ösüş ideallaryna wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat etsin!” diýip arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.