MEDENIÝET
Talyplar muzeýe aýlandylar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, zähmete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemetaraplaýyn ösüşlerine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşlarda ruhy ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgüni terbiýelemek we olaryň arasynda milli mirasymyzy gadymy gymmatlyklarymyzy wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşi Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bagtyýar talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda “Milli miras kämilligiň nusgasy” ady bilen muzeýe gezelenç gurady. Muzeýiň uly işgäri, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Sülgün Ahmedowanyň gadymy mirasymyzyň baý taryhy barada beren gyzykly gürrüňleri talyplarda uly gyzyklanma döretdi.
Ýaşlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli tagallalary etýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Annagözel Saryýewa.
Türkmenistamyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.