Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Tatarystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň Mary topragynda konserti boldy

17-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine badalga berildi. Doganlyk ýurdundan döredijilik wekiliýeti biziň ýurdumyza gelip, öz medeniýetini, sungatyny, taryhyny beýan edýän ajaýyp çykyşlarydyr eserlerini ildeşlerimize görkezmegi iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ýokarydygyny äşgär etdi. 

Düýn Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bolsa, Tatarystan Respublikasyndan gelen sungat ussatlarynyň konserti boldy. Oňa welaýatymyzyň sungat ussatlary, medeniýet işgärleri, teatr artistleri, halypa we ýaş aýdymçylary, ýaşlary, talyplary we okuwçylary gatnaşdylar. Sahnada tatar halkynyň medeniýetini, aýdym-sazyny, milli tansyny görkezýän ajaýyp çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Aýratynda dost-doganlyk halkynyň folklor toparynyň türkmeniň milli “Küştdepdi” tansynyň hem-de aýdymynyň ýerine ýetirmegi ildeşlerimizi has-da buýsandyrdy.

Şeýle-de ýaýbaňlandyrylan şowhunly çykyşlar gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen garşylandy. 
Janly sesde aýdymlaryň aýdylmagy bolsa konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy. Konsertiň ahyrynda ildeşlerimiz Tatarystan Respublikasyndan gelen sungat işgärleriniň ählisine gül desselerini berdiler we olara ajaýyp çykyşlary bilen hemmelere ruhy lezzet paýlandyklary üçin sagbolsunlaryny aýtdylar.

Şu gün gözel paýtagtymyz Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy bolar. 
Sülgün ŞADYÝEWA.