Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

TÜRKMENISTAN WE “EURONEWS” TELEÝAÝLYMY UZAK MÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI MAKSAT EDINÝÄR

2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Euronews” Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože soňky on ýylyň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy we onuň çäginde Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalary şöhlelendirmek üçin durmuşa geçirilen birnäçe taslamalar babatynda bellediler.
Şeýle hem halkara maglumat giňişliginde uzak möhletli hyzmatdaşlyga gönükdirilen meýilnamalar beýan edildi. Şol bir wagtyň özünde Ýewropa teleýaýlymynyň wekilleri bilelikdäki çäreleri güýçlendirmäge we özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar duşuşygyň netijesinde gol çekilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen "Euronews" kompaniýasynyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginiň bentleri bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.