Sport
Witaliý Alikperow: «Janköýerlerimiz bizi islendik şäherde goldamaga taýýar»
AFK-nyň kubogynyň üçünji tapgyrynyň çägindäki «Merw» ― «Altyn asyr» duşuşygyndan ozal geçirilen metbugat maslahatynda «Merwiň» baş tälimçisi Witaliý Alikperow bilen derwezeçi Merdan Saparow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.
― Witaliý, toparyň ertirki duşuşyga taýýarlygy näderejede?
― Topar duuşşyga doly taýýar. Häzirki wagtda şikesli futbolçymyzyň ýokdugy bizi begendirýär.
― Esasy hüjümçiňiz Myrat Ýagşyýew şikes sebäpli soňky duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşyp bilmedi. Ol ertirki duşuşyga taýýarmyka?
― Elbetde, ol öňräk şikes aldy. Ýöne biz Myrady ýakynda çempionatda «Arkadag» topary bilen bolan duşuşykda hem ulandyk. Ol ertirki duşuşyk üçin hem taýýar. Myradyň bize kömek etjekdigine ynanýarys.
― Siz ýaryşda ýoluňyzy ýeňlişsiz dowam etdirýärsiňiz. Diýmek, maksatlaryňyzda hem özgertmeler bolan bolsa gerek.
― Biz her bir duşuşyk üçin aýry maksat goýýarys. Elbetde, her duşuşykda ýeňiş gazanmak, toparçadan çykmak mümkinçiligimizi artdyrmak isleýäris.
― Iki türkmen toparynyň bir toparça wekilçilik etmegi nähili artykmaçlyklary we zyýany berýär?
― Biz «Altyn asyry» ýakyndan tanaýarys. Topar häzirki tälimçisiniň ýolbaşçylygynda abraýly baýraklaryň birnäçesine mynasyp boldy. «Altyn asyr» bilen köp sanly duşuşyklary hem geçirdik. Häzir bolsa biz bu güýçli topar bilen yklym ýaryşynda garşydaş. Ertirki duşuşykda elimizden gelenini edip, meýdanyň her bir metri üçin barlyşyksyz göreş alyp bararys.
― Ýakynda «Arkadag» topary bilen hem jogapkärçilikli we kyn duşuşygy geçirdiňiz. Oglanlar bu duşuşykdan soň özlerini ýadaw duýanoklarmy?
― Tersine, çempionatdaky bu duşuşyk biziň üçin tejribe, kemçiliklerimizi görmäge mümkinçilik boldy. Dogry, «Altyn asyr» bilen boljak duşuşygy göz öňünde tutup, käbir oýunçylarymyza dynç berdik. Ýöne olar «Arkadag» topary bilen bolan duşuşykdan ozal hem dynç almaga ep-esli wagt tapdylar.
― «Merw» AFK-daky geçen duşuşygyndan soň çempionatda galdyrylan duşuşyklarynda janköýerlerini begendirip bilmedi. Belki topar ähli güýjüni we esasy oýunçylaryny AFK-nyň duşuşyklaryna aýandyr.
― Şol günlerde biz yzly-yzyna kyn duşuşyklary geçirdik. Bu bolsa isleseň-islemeseň oglanlarymyzy ýadatdy. «Arkadag» topary bilen duşuşyga çenli bolsa biraz dynç almaga mümkinçiligimiz boldy. Ýöne garşydaşymyzyň derejesiniň ýokardygyny oýunda ýene bir ýola gördük.
― Siz ýer eýesi hem bolsaňyz, duşuşygy Aşgabatda geçirýärsiňiz. Garşydaşyň şäherinde oýnamak kynçylyk döredip bilermi?
― Ýok, islendik şäherde biz öz meýdanymyzda ýaly oýnamaga uýgunlaşan. Onsoňam, köp sanly janköýerlerimiziň paýtagta
gelmegine garaşýarys. Şonuň üçin paýtagtda-da öz şäherimizde oýnaýan ýaly duýgyny başdan geçirjekdigimize ynanýarys.
― Merdan, «Merwiň» duşuşyklarynda janköýerler esasy saňa bil baglaýarlar. Olar soňky tapgyrlardaky oýunlaryň bilen seni milli ýygyndymyzda hem görmek islediler. Ertirem jogapkärçilikli duşuşyk bar. Pikirleriňi paýlaşaýsaň!
― Elbetde, AFK-nyň çägindäki duşuşyklar bilen milli ýaryşlardaky duşuşyklaryň derejesi deň däl. AFK-nyň duşuşyklary has ýokary derejede geçýär. Janköýerlerden doly sadionyň gurşawynda oýnaýarys. Nesip bolsa, ertir hem elimizden gelenini ederis. Biz yklym ýaryşynda geçen oýunlarymyzy hem mynasyp geçirdik diýip pikir edýäris. Şol mynasyp oýnumyz ertir hem dowam eder diýip umytlanýarys.
Bu gezek has köp janköýerimiziň stadionda bolmagyna garaşýarys. Olaryň hem goldawy bilen ýeňiş bizlik bolar diýip umyt edýäris.