SYÝASAT
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýewiň bu ýurduň daşary işler ministri Pak Jin bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, şol sanda, ministr Pak Jiniň Türkmenistana ýakynda amala aşyryljak resmi saparynyň we şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy maslahatynyň gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministr “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda türkmen tarapynyň edýän tagallalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.