SYÝASAT
Türkmenistan bilen Gananyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda sapar bilen bolýan Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy.
Söhbetdeşlikleriň barşynda Ministr iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlaryň giň geriminde özara gatnaşyklary has-da güýçlendirmek nukdaýnazryndan, ýakynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda bolan syýasy geňeşmeleriň netijeleriniň möhümdigini belledi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşan taraplar, Türkmenistan bilen Gananyň arasynda ykdysadyýet, söwda we senagat pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri bellediler. Taraplar medeni we ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda bilim pudagyny güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
Söhbetdeşlikleriň netijesi boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýasy ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama gol çekildi.