MEDENIÝET
BITARAPLYK BAÝRAMÇYLYGY
Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwrinde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmyşynda bolup geçişi ýaly,halkyň döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar bolup geçýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi . 1995- nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 69-njy mejlisinde 193 döwletiň bir agyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu seneler milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Miletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowlandyrmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Alyp barýan işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Taýýarlan: Berdiýew Muhammetmyrat Mary şäheriniň №5 sport mekdebiniň instruktor-usulýetçisi.