MEDENIÝET
Aşgabatda Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli sergi guraldy
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň suratkeşleri we talyplary öz işlerini hödürlediler.
Türkmenistanyň Çeperçilik birleşiginiň sergi jaýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy.
Türkmenistanyň Çeperçilik birleşiginiň agzalary – Şirinjemal Ýegelekowa, Azat Annaýew, Akgül Baýlyýewa dagy öz eserlerini hödürlediler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň eserleri hem görkezilýär.
Sergilenen eserlerde Magtymguly Pyragynyň keşbi, onuň ýaşan döwri we şol döwrüň taryhy wakalary çeper beýan edilýär. Şeýle hem eserleriň arasynda Magtymgulynyň goşgularyna bagyşlanan suratlar hem bar.
Bu segi beýik şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli Watanymyzda we daşary ýurtlarda guralýan köp sanly çäreleriň biridir.