Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Eziz Diýarymyzda 2024-nji ýylda ençeme binalaryň we desgalaryň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň we binalaryň gurluşygyna badalga berler, şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Şu ýyl Aşgabat şäherinde bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga, «Dokmaçylar» medeni merkezi, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalar, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanmaga tabşyrylar. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi işe giriziler. 
«Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.