“Netijeli syýasat” sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda R.Meredow dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy bolup, Türkmenistanyň dünýäniň ählumumy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutulýan garaýyşlary boýunça çemeleşmelerini we hereketlerini anyk kesgitleýändigini hem-de amala aşyrýandygyny beýan etdi. Şu nukdaýnazardan, ulag arabaglanyşygyny we durnuklylygy berkitmek ýaly ugurlaryň ähmiýeti görkezilip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen soňky on ýyllyklarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag baradaky alty kararnamasynyň kabul edilendigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ulag birikmesiniň global atlasyny (Global Atlas of Sustainable Transport Connectivity), Global energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň Bileleşigini (Global Energy Security and Sustainability Cooperation Alliance)döretmek we Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyl üçin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ykdysady geçiş boýunça ählumumy maksatnamany (Global Circular Economy Transition Framework) işläp düzmek teklip edildi.