Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Magtymguly Pyragynyň şahyrana zehini

Magtymguly Pyragynyň nusgawy döredijilik mirasy bolan pelsepewi şygyrlarynyň türkmen şahyrlarynyň soňky nesilleriniň döredijiligine ýiti täsir edenligi sebäpli oňa «Türkmen poeziýasynyň atasy» diýilýär.
Alymlar Magtymguly Pyragynyň şahyrçylyk zehinini dünýäni duýmagyň adatdan daşary hyjuwynda we aňynyň joşgunly gözleginde diýip kesgitleýärler. Magtymgulynyň döredijiligi öz başlangyjyny XVIII asyrdan alýar. Rowaýata görä, onuň şahyrçylyk zehini entek ýaş wagtynda ýüze çykypdyr.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine düýpli täsir eden kakasy Döwletmämmet Azady hem ençeme poemalary ýazan belli nusgawy şahyr we örän ylymly adam bolupdyr. Kakasy ogluna başlangyç bilimi beripdir, oňa dünýäniň ykbaly hakda oýlanmagy we Ferdöwsi, Rudaki, Nyzamy, Saadi, Nesimi, Nowaýy, Fizuli, Jaami ýaly atlar bilen bezelen Eýranyň hem-de Turanyň poeziýasyna hormat goýmagy öwredipdir.
Halk aýdymlary we dessanlary hem ýaş Magtymguly üçin görelde we nusga bolup hyzmat edipdir. Şu zatlary nazara alyp, Magtymguly Pyragynyň öz döwründe çuňňur bilimli adam bolandygy barada netije çykaryp bileris.
Magtymguly Hywadaky Şirgazy han medresesinde okan döwründe Abu Aly ibn Sinanyň, Biruniniň tutuş dünýä logarifmler taglymatyny beren Al-Horezminiň eserlerini öwrenipdir. Soňra şahyr bu medresä bagyşlap özüniň ajaýyp şygryny döretdi. Şahyr öz şygrynda şeýle diýýär: «...Okadym, göterdim kitap, Gurhany, Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy».
Ol ýerde ýaş şahyr Gurhany öwrenmekden başga-da Mürze Bedil we Gündogaryň beýleki nusgawy şahyrlarynyň eserleri bilen hem düýpli tanşypdyr. Ol zergärçilik hünärini özleşdiripdir. Watanyna gaýdyp gelen Magtymguly ekerançylyk, zergärçilik we döredijilik bilen meşgullanypdyr. 
Şol bir wagtyň özünde ol Gündogar ýurtlaryna syýahat edipdir. Şeýle hem Russiýanyň çäginde Astrahanda bolandygy we rus halkynyň medeniýetine ýakyndan syn edenligi barada hem maglumatlar bar.
Magtymguly XVIII asyryň segseninji ýyllarynda aradan çykýar. Beýik şahyryň we kakasy Döwletmämmet Azadynyň jaýlanan ýeri Demirgazyk Horasanyň Ak tokaý diýen ýerinde ýerleşýär. 
Ýöne Magtymguly Pyragy tarapyndan başlanan şahyrana ýol şahyryň aradan çykmagy bilen gutarmady. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» kitabynda bellenip geçilişi ýaly: «Beýik Pyragynyň edebi mirasy, şeýle-de meşhur akyldaryň yzyny dowam etdirijiler, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Annagylyç Mätäjiniň we beýlekileriň eserleri köp sanly zehinli bagşy-sazandalaryň ylhamynyň egsilmez gözbaşyna öwrüldi».
Çeper söz ussatlarynyň arasynda başga bir türkmen şahyrynyň ady bar – Misgingylyç, onuň seýrek golýazmasy häzirki wagtda Kazan federal uniwersitetiniň N.I.Lobaçewskiý adyndaky Ylmy kitaphananyň golýazmalar we seýrek kitaplar bölüminiň ýygyndylarynda saklanýar.
2023-nji ýylda KFU-nyň prezidenti Riýaz Minzaripow, Misgingylyç tarapyndan ýazylan Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň nusgalaryny Türkmenistanly wekiliýetiň agzalaryna dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Soňra N.I.Lobaçewskiý ylmy kitaphanasynyň müdiriniň orunbasary Elmira Amerhanowa golýazmanyň ýygyndylardan ybaratdygyny düşündirdi. Teksti ýazga almak 1909-njy ýylda tamamlanypdyr. 1982-nji ýylda golýazma Almaty şäherinden dilçi Jamilýa Karmişewa tarapyndan gowşuryldy.
Tatarystan Respublikasy tarapyndan berlen şeýle gymmatly sowgat, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän we ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen atlandyrylan ýylda has-da möhümdir. Magtymgulynyň döredijiligi bilen bagly golýazma çeşmeleri dünýäniň çar künjeginden gelýär.
Alnan maglumatlar türkmen alymlaryna beýik şahyryň we akyldaryň türkmen halkynyň durmuşy we döredijiligi barada täze gyzykly maglumatlary tapmaga kömek edýär.