Duşuşygyň dowamynda ýaşyl energiýa, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen “Göni gepleşik”: Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen tebigy gazyň arasyndaky sinergiýa” atly duşuşygynyň netijeleri barada bellenildi.
Ministriň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda türkmen tarapynyň Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky COP-28 Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyna gatnaşandygyny we Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen ählumumy meseleleri çözmäge ygrarlydygyna ünsi çekdi.
Şu nukdaýnazardan taraplar 2024-nji ýylyň mart aýynda Ženewada geçiriljek Ählumumy metan forumyna, şeýle hem forumyň çäginde geçiriljek Merkezi Aziýada metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tegelek stol maslahaty barada nygtadylar.
Gepleşigiň dowamynda BMG ÝYK-yň gün we ýel energiýasy babatda bilermenlik goldawy, şeýle hem energiýany saklamak we geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.