Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara hyzmatdaşlygy, hususan-da, bilim pudagynda we iki döwletleriň ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Baş Konsul 2024-nji ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygaryň astynda geçýändigini, onuň çäklerinde bolsa, Türkmenistanda we tutuş dünýäde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreleriň gurnalýandygyny aýtdy. Şunda, TÜRKSOÝ guramasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýänliginiň subutnamasyna öwrülendigi bellenildi. Şeýle-de, şu ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäheri ähmiýeti barada hem nygtaldy.