MEDENIÝET
Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň muzeýine türkmen milli gymmatlyklarynyň gowşurylmagy
2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy dabaraly ýagdaýda kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymguly muzeýine Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi tarapyndan iberilen türkmen milli medeni-mirasynyň gymmatlyklaryny we dürli dillerdäki kitaplaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Kabul ediji tarap, ýubileý ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolan we türkmen nusgawy şahyrynyň mirasyny has giňişleýin öwrenmäge we ýaýratmaga niýetlenen bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Indi Magtymguly muzeýinde halk senetçiliginiň önümlerini, nepis dokalan haly önümlerini, zenanlaryň milli şaý-seplerini, türkmen milli egin-eşiklerini we baş gaplaryny, milli saz gurallaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň heýkelini, kanwada dokalan we zehinli türkmen suratkeşleriniň çeken suratlaryny görüp bolar.
Kitaphananyň kitap fondy we muzeý türkmen edebiýaty, hususan-da Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hem-de ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti, binagärligi we türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragy we onuň bahasyna ýetip bolmajak şahyrana mirasy baradaky neşirler bilen dolduryldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Magtymguly Pyragynyň gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.