Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ýeňşi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Bu wezipä gaýtadan saýlanylmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň hem-de ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň görkezijisi bolup durýar. Siziň baştutanlygyňyzda ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, Russiýanyň ähli halkynyň öňe gitjekdigine, abadançylygynyň üpjün ediljekdigine ynanýaryn.
Siziň ukyp-başarnygyňyz we baý syýasy tejribäňiz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hyzmat eder. Biziň ýurtlarymyzyň örän giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyny, ysnyşykly özara hereketlerini aýdyň görkezýän ikitaraplaýyn türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek guwandyryjydyr. Biz Türkmenistanda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we halklarymyzyň bähbidine ony mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris” diýlip, hatda bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.