YKDYSADYÝET
Türkmenistan we Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýärler
2024-nji ýylyň 20-nji martynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynda iş saparynda boldy.
Saparyň dowamynda Rimde türkmen wekiliýeti bilen Wise-premýer we Italiýanyň Daşary işler ministri Antonio Taýaniniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Daşary işler ministrleri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanpewer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi hem bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Italiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.