SYÝASAT
Hökümetiň göçme mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýanwar-iýul aýy boýunça işleriniň netijeleri jemlendi
Geçen anna güni, 12-nji awgustda Hazar deňziniň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy. Mejlisiň barşynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň meýilnamasy, şol sanda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan 100,7 göterim berjaý edildi. Nebit we gaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 111,2 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,2 göterim, benziniň dürli görnüşini öndürmegiň meýilnamasy 117,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 125,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 115,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 115 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 113,6 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy bolsa 123,6 göterim berjaý edildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutany milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynyň işine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.