Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Maryda täze kotejjler toplumynyň açylyş dabarasy boldy

Mary şäheriniň Mary – Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň I tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy.
Şu gün ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 2 gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy ulanmaga berildi. Olaryň jemi 200 sanysyny gurmak meýilleşdirilýär.
Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ojar Aziýa» hususy kärhanasyna ynanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmagy, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaklygy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şerlerini has-da gowulandyrmagy, her bir maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmegi durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi.
Ýurdumyzda köp gatly belent binalar bilen bir hatarda, ähli amatlyklary bolan az gatly, şol sanda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň hem gurulýandygyny bellemek gerek. Munuň özi raýatlaryň isleglerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýyny saýlap almakda mümkinçiliklerini artdyrýar.
Ýurdumyzda gurulýan ähli täze binalarda bolşy ýaly, kottejler hem ýaşaýjylar üçin ýokary amatlyklar, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp bina edilendir. Şeýle hem jaýlaryň mellek ýeri bolup, onda ekerançylyk we bagbançylyk bilen meşgullanmak ýa-da çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin mümkinçilikler bar.
536 inedördül metr meýdany eýeleýän her bir kottej 8 sany giň otagdan, ýerzeminden we awtoulaglar üçin duralgadan ybaratdyr. Şeýle hem daşarky suw, tebigy gaz we elektrik geçiriji hem-de telekommunikasiýa ulgamlary çekilendir.
Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalar we açylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän atalyk aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalaryň döwletimiziň häzirki döwürdäki okgunly ösüşlerini alamatlandyrýan nyşanyna öwrülendigini bellediler.