Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilşi ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.
Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gazak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmeginiň möhüm meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň biragyzdan bellemegine görä ýokary derejedäki gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýgytly orun eýeleýär. Mundan başga-da, söhbetdeşler hökümetara, parlamentara, pudagara we Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtadylar.