Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YKDYSADYÝET

Üzümçilik — düşewüntli ekin

Ussat   bagban

Şu günler ekerançylyk meýdanlarynda bolanyňda oba zähmetkeşleriniň hormatly Prezidentimiziň ýerden bereketli hasyl almak, azyk bolçulygyny ösdürmek baradaky edýän aladalaryna yhlasly zähmetleri bilen jogap berýändiklerine göz ýetirýärsiň. Tutanýerliligi, işjanlylygy bilen tapawutlanyp zähmet çekýän bagbanlaryň biri hem Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň ýaşaýjysy Kakajan Akmämmedowdyr. Bagban 20 ýyla golaý wagt bäri üzümçilik bilen meşgullanyp, ýeterlik tejribe toplapdyr. 
Tejribeli bagban Kakajan Akmämmedowyň Gökdepe geňeşliginiň çäginde 8 gektar üzüm kärende ýeri bar. “Bagban bagyndan belli” diýip örän dogry aýdypdyrlar. Çünki, Kakajan aganyň üzüm baglaryny synlanyňda ideginiň göwnejaý ýetýändigini görmek bolýar. Ol üzümleriň monty, terbaş, gelinbarmak ýaly görnüşlerini ýetişdirýär. Oňa baglara ideg etmekde, ýetişen üzüm hasyllaryny ýygnamakda inisi Muhammet Akmämmedow ýakyndan kömek berýär. Şu günlerde K. Akmämmedow üzüm nahallarynyň idegini ýetirýär, zerur çäreleriň ählisini wagtynda, ýokary hilli geçirmäge çalyşýar. Bagban öz bagynda ýadawsyz zähmet çekmek bilen bazarlarymyzyň bolçulygyna mynasyp goşant goşýar. Üstümizdäki ýylda-da bol hasyl aljagyna uly ynam bilen garaýar.
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz bolelin durmuşda ýaşaýar. Saçaklarymyz berekede beslenip, naz-nygmatdan doly. Halkymyzyň saçaklarynda nygmatlaryň bol bolmagyna mynasyp goşandymy goşýandygyma buýsanýaryn. Bize işlemäge, bereketli hasyl almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýaryn. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin — diýip, bagban ýürek arzuwlaryny beýan edýär.
Biz hem TAP-nyň etrap komiteti bilen bilelikde ussat bagbanyň kärende ýerinde iş saparynda bolanymyzda oňa çekýän halal zähmetiniň hözirini görüp ýaşamagyny arzuwladyk.