MEDENIÝET
Akyldar şahyryň goşgularynda bedew waspy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlar aşyp gelen milli gymmatlyklaryna uly hormat-sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde aýratyn orny eýeleýän behişdi bedewlerimiz hem şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlygymyzdyr. Ýurdumyzda dabarasy uludan tutulýan şanly senelerde, milli baýramçylyklarda dal bedewlerimiz tomaşaly toýlaryň bezegine öwrülýär.
«Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, owadanlygy we ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz parasatlylyk bilen belleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur paýhas bilen belleýşi ýaly, türkmen bedewleri merdana halkymyzyň milli buýsanjydyr, ýakyn syrdaşydyr, göwün ganatydyr. Halkymyzyň nepis halylary, dutar saz guraly, owadan şaý-sepleri ýaly, behişdi bedewleri hem ulus-ilimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmen bedewiniň belent waspy nusgawy şahyrlarymyzyň dürdäne goşgularynda, halk döredijiliginde, aýdym--saz, şekillendiriş, kino sungatynda giňden şöhlelenýär.
Diýarymyzda atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär we hukuk taýdan berkidilýär.
Bu ugurda “Atçylyk we atly sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny bellemek ýerlikli bolar. Kanun 8 bapdan 51 maddadan ybaratdyr.
Indi birnäçe ýyl bäri türkmen ýigitleri atçylyk sportunyň konkur görnüşi bilen meşgullanýarlar. Konkurçylar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga hem tejribe topladylar. 2016-njy ýylyň aprelinde Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda üsti açyk konkur meýdançasynyň ulanylmaga berilmegi bolsa, atly sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň göwün guşuny galkyndyrdy. Bu ýerde halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmäge hem mümkinçilik bar. Ýeri gelende aýtsak, sportuň bu görnüşiniň 2017-nji ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi hem atçylyk sportuna goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.
Behişdi bedewlerimiz barada Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy hem öz goşgularynda paýhaslylyk bilen beýan edipdir. Dana Pyragynyň bedew bilen baglanyşykly ganatly setirlerinde türkmen halkynyň bedewe bolan sarpaly garaýşy, milli buýsanjy täsirli beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň «Aty gerek», «Daşda bellidir», «Zamanydyr», «At ýanynda bellidir», «Otur-turuşyn görüň» ýaly birnäçe goşgularyny okanymyzda, akyldar şahyryň döredijiliginde bedewleriň mynasyp orny eýeleýändigine aýdyň göz ýetirýäris.
Magtymguly Pyragy «Aty gerek» atly goşgusynda:
At gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek.
— diýmek bilen, her bir ýigidiň durmuşda atly-abraýly adam bolup ýetişmegi, il-ulus üçin haýyrly we bähbitli işleri ýerine ýetirmegi üçin, ilki bilen, onuň bedew atynyň gerekdigine ünsi çekýär. Bu setirler bedewiň diňe bir kyn günde däl-de, toý gününde, ýagşy günlerde hem zerurdygyny görkezýär. Ýigidiň jylawyny çeýnäp duran atyna atlanmagy, eýýäm onuň kämil ýaşa ýetişendigini, öz ýurdy, topragy, il-ulusy üçin islendik ýere gitmäge we döwletli işleri amala aşyrmaga häzir bolup durandygyny alamatlandyrýar.
«Daşda bellidir» atly goşgusynda:
Bedew çapyşda bellidir. —
— diýýän akyldar şahyryň pikirine üns bereliň! Pyragynyň aýdyşy ýaly, bedewleriň gylyk-häsiýetleri, ýyndamlygy deň bolmaýar. Geçmişde il içinde tutulýan toýlarda at çapyşyklary geçirilip, oňa uly märeke tomaşa edipdir. Toýlaryň şowhun-şagalaňyny artdyrýan at çapyşyklary bedewleriň iň ýyndamlaryny saýlamaga ýardam beripdir.
Şahyr «At ýanynda bellidir» atly goşgusynda şeýle belleýär:
«Bedew» diýgeç, hemme bedew deň bolmaz,
Çyn bedewler meýdanynda bellidir.
Akyldar şahyr bu ýerde çyn bedewleriň meýdanda bellidigini, ýagny, bedewiň müň näz bilen ýörişleri, öňe okgunly çapyşy arkaly eýesine wepalydygyny belleýär.
Gadymy döwürlerde şöhratly ata-babalarymyz ösüp gelýän nesillerini türkmen halkynyň milli watançylyk ýörelgelerine wepalylyk ruhunda terbiýeläpdirler. Perzentleriniň il-güne, Watana wepaly bolmagyny, adamkärçilige mahsus gylyk-häsiýetleri hemra edinmelidiklerini olaryň kalbyna çagalykdan guýupdyrlar. Her bir perzendiň ýaşlykdan halal kesbi-hünärleri ele almaklaryny sargapdyrlar. Bu ugurda köp zat bedew at bilen hem bagly bolupdyr.
Bir bedewi saýlap alar bolsaňyz,
Synasyn, sagrysyn, gerişin görüň.
— diýýän akyldar şahyr bedew saýlanyp alnanynda, onuň syn-sypatyna, keşbine, beden gurluşyna üns bermegiň zerurdygyny nygtaýar. Bu pikir bütin türkmen iliniň buýsanjy bolup ýaňlanýar.
Magtymguly Pyragy bedewiň owadanlygyny, ýyndamlygyny, görki-görmegini wasp etmek bilen, türkmen topragynda ösdürilip kemala getirilen bedewleriň ýurda şan, ile şöhrat getirýändigine ynanypdyr.
Türkmen bedewiniň milli baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde atlaryň gözellik bäsleşiginiň, konkur boýunça görkezme çykyşlaryň, atçapyşyklarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi, sungat sergileriniň guralmagy hem ynsan häsiýetli, ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimize goýulýan belent hormatyň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewleriň şan-şöhratyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys!
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde hemişe uly üstünlikleri arzuw edýäris!