YKDYSADYÝET
Hoşboý ysly ösümlik
Ynsan saglygy üçin peýdaly gök otlaryň biri narpyzdyr. Dodakgüllüler maşgalasyna degişli bolan bu ösümlik yzgarly, ýagty we mes topragy halaýar. Narpyzdan taýýarlanylýan işdäaçarlara, dürli sowuk içgilere tomus paslynda has köp isleg bildirilýär. Aýratynam, narpyzly çaýyň kellagyryny aýyrmakda, rahat uklamakda peýdasy örän uludyr.
Gadym döwürlerde narpyzy ömri uzaldýan ösümlik hökmünde hem peýdalanypdyrlar. Bu ösümlikdäki peýdaly serişdeleriň sazlaşygy adam bedeniniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, köp keselleriň öňüni almaga ýardam edýär.
Narpyzyň dermanlyk häsiýetleri we tebigy gorlary barada alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy--ensiklopedik kitabynda hem giňişleýin maglumatlar berilýär. Jana şypaly bu ösümlik aşgazan, öýken kesellerinde, inçekeselde giňden ulanylýar. Dişagyry ýüze çykan halatynda, ösümligiň petine we jöwherine agyz çaýkalýar. Onuň sowuklama garşy oňat täsir edýändigi üçin bronhidi bejermekde hem peýdasy uludyr.
Narpyz gözellik üçin hem peýdalanylýan ösümlikdir. Mysal üçin, narpyzly buz bölejikleri deriňi täzeleýär we arassalaýar. Adamlaryň arasynda narpyz ysly suwuk sabynlara, agyz çaýkalýan serişdelere isleg bildirýänleri köpdür. Sebäbi, arassaçylykda narpyzyň hoşboý ysy rahatlandyryjy güýç berýär.