Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YLYM WE TEHNIKA

Aşgabatda emeli aň hakynda maslahat guraldy

«Emeli aň we onuň söz azatlygyna täsiri» – ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň 17-18-nji iýulda garyşyk görnüşde geçiren maslahaty şeýle atlandyryldy. Halkara bilermenler Ognýan Zlatew (Bolgariýa) we Andreý Rihter (Awstriýa) maslahata tälimçiler hökmünde gatnaşdylar.
Açylyşda ÝHHG-niň Aşgabat merkeziniň wekili Uilýam Lif bu maslahatyň adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň çäginde üstünlikli alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowamydygyny nygtady. Onuň şundan soň belleýşi ýaly, Türkmenistanda kabul edilen Hereketleriň milli meýilnamasy KHBS-e we žurnalistika käriniň azatlygyna dahylly birnäçe möhüm düzgünleri göz öňünde tutýar. Bu düzgünleriň meýilnama girizilmegi ýurduň KHBS we pikir beýanynyň azatlygy babatyndaky halkara borçlaryna ygrarlydygyndan habar berýär.
Maslahatyň birinji gününde oňa gatnaşýanlaryň dykgatyna EA-nyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly hukuk kadalaryna syn, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň emeli aň, sanly hyzmatlar, metbugat azatlygy baradaky kanunlary hödürlendi. Şeýle hem KHBS-iň azatlygy, Ýewropa Bileleşiginiň emeli aň baradaky 2024-nji ýylda kabul eden çarçuwaly konwensiýasy, ÝUNESKO-nyň metbugat sowatlylygy baradaky hasabaty, şeýle hem bu işe algoritmik gözegçilik meseleleri boýunça tekliplerdir çemeleşmeler bilen tanyşlyk bolup geçdi.
Çäräniň ikinji güni-de gyzykly boldy. Ol gün dürli ýurtlaryň emeli aňy sazlama we EA-dan peýdalanmagyň edep meselelerine, sanly gigiýena we internet sowatlylygyna garaýşy barada gürrüň edildi. Maslahata gatnaşanlar emeli aňyň durmuşa girizilmeginiň oňyn we tersin taraplaryna garadylar, özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça bilermenler bilen pikir alyşdylar. Bu okuw çäresi olara köp täze zatlary öwrenmäge we EA babatynda bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi.