Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YKDYSADYÝET

SUWUKLANDYRYLAN GAZY SAKLAMAK WE ÝÜKLÄP IBERMEK ÜÇIN NIÝETLENEN TERMINALYŇ KUWWATYNY ARTDYRMAK ÜÇIN ZERUR IŞLER ALNYP BARYLÝAR

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, zawodlar toplumy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň netijesinde, dürli görnüşli nebit önümleri bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gaz hem öndürilýär. Ony saklamak hem-de sarp edijilere ýükläp ibermek üçin ýörite terminalyň hyzmatyndan peýdalanylýar. Bu desgalaryň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň golaýynda ýerleşýän, suwuklandyrylan gazy saklamak we ýükläp ibermek üçin niýetlenen terminaly giňeltmek, onuň kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän desgalary döwrebaplaşdyrmaga, nebit önümlerini saklamaga we ibermäge niýetlenen ulgamlary kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän suwuklandyrylan gazy saklaýan, ýükläp iberýän desgalaryň kuwwatyny artdyrmagyň nebitgaz senagatyny has-da ösdürmekde möhüm bolup durýandygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy