Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

«Gülüň owadan!» bäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Gülüň owadan» atly bäsleşik yglan edildi.
Golaýda Mary welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň ýanyndaky toý mekanynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat zenanlar bölüminiň guramagynda geçirilen bu bäsleşige şäherdir etraplardan gelen ussat keçeçi gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Eminler toparynyň agzalary bäsleşigiň adyndan belli bolşy ýaly, owadan gülli keçeleri taýýarlan gelin-gyzlaryň işlerine mynasyp baha berip, ýeňijileri yglan etdiler. Netijede, Türkmengala etrabyndan Ogulgerek Şakulyýewa 1-nji, Mary etrabyndan Ogulnur Muhammetsaparowa 2-nji we Tagtabazar etrabyndan Äşe Öwezekowa 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňijilere TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 1-nji we 2-nji orna mynasyp bolanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.