Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Üç etrap, bir şäher bilelikde sergi gurady

TKA-nyň Sakarçäge, Türkmengala, Baýramaly etrap hem-de Baýramaly şäher birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda “El hünäri — il gezer” atly sergi guraldy. Oňa TKA-nyň Sakarçäge, Türkmengala, Baýramaly etrap hem-de Baýramaly şäher birleşmeleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, medeniýet işgärleri hem-de eli hünärli ildeşlerimiz gatnaşdylar.
Sergide, ilki bilen, Sakarçäge etrabynyň Gülüstan geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýnabat Çaryýewa özüniň agaçdan ýasaýan dürli görnüşli çemçeleridir okaralary, şu etrabyň Çaşgyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Gowşut Gapurow türkmeniň milli saz guraly bolan dutaryň ýasalyşy barada çykyş etdiler.
Aýratynam, Gülüstan geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýnabat Çaryýewanyň öz çeper elleri bilen ýasap, taýýarlaýan guramadyr saç bukjalary, tegelek görnüşli düşekçeleri, alajalary baradaky gyzykly gürrüňleri uly täsir galdyrdy. Ol çykyşynda saç bukjasynyň dürli görnüşlerini görkezip, ulanylyşy barada gürrüň berdi.
Soňra Sakarçäge etrabynyň Çaşgyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Gowşut Gapurow çykyş etdi. Ol bu sergä özüniň agaçdan ýasalan dürli görnüşli çemçeleri, okaralary, susaklary bilen gatnaşyp, agaç okaralarynyň ýasalyşy barada gyzykly gürrüň berdi. Ol öz taýýarlaýan çemçedir okaralaryna müşderileriň isleglerine görä her hili reňkli şekilleri berip bolýandygy barada aýtdy.
Sergi oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.