Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Maryda möwsümleýin işler talabalaýyk alnyp barylýar

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragy tamamlanan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin tohumlary taýýarlamak, tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler, ýerine ýetirilen işler üçin hyzmat edýän edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça taýýarlyk işleriniň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezident ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.