Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde hereket edýän kanunlary seljermek, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek baradaky guramaçylyk toparynyň mejlisiniň geçirilendigi aýdyldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini bellemek, guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak, forumyň gün tertibini we deslapky maksatnamasyny, degişli resminamalary taýýarlamak, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek bilen baglanyşykly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşygyň geçirilendigi hakynda habar berildi. Bellenilişi ýaly, Mejlisiň deputatlary Türkmenistanda daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça iş duşuşygyna, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatyna, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny ilata düşündirmek boýunça dürli çärelere gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen GDA-nyň sammitinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama işlenip taýýarlanyldy we 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu Jarnamada GDA gatnaşyjy döwletleriň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Wise-premýer şu ýylyň 14-nji iýunynda sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň netijeleri barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini Aşgabat şäherinde şu ýylyň oktýabrynda geçirmek baradaky teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini belledi. Şeýle hem bu guramanyň pudaklaýyn edaralary bilen gatnaşyklar giňeldilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygyny zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Galkynyş” gaz käni türkmen tebigy gazyny goňşy we sebit döwletlerine bökdençsiz ibermekde çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynda önüm berýän gaz guýularynyň goşmaça guýularyny burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, olaryň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek zerur bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça teklibi goldaýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, gowaçanyň ujuny çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek işleri, bugdaý tohumlaryny, ekişde ulanyljak tehnikalary, ekijileri möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak boýunça işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmegi, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş nokatlaryny, pagta hasylyny daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, ýokary hilli bugdaý tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny nygtady. Wise-premýere beýleki möwsümleýin oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini hem talabalaýyk alyp barmak tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynda-da düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmegiň Tertibi esasynda binýady işläp taýýarlamak üçin degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek, düýpli abatlaýyş işleriniň bahalaryny döwrüň talabyna laýyklykda işläp düzmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek maksady bilen, degişli Karara gol çekip, resminamany wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew awgust aýynda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi ýarmarkasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sergi ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň çagalar, okuwçylar, talyplar üçin harytlaryny, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri, okuw esbaplaryny, elektron harytlary hödürlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin ussatlyk sapaklarynyň, bäsleşikleriň guralmagy, meşhur Modalar öýleriniň çagalar üçin täze lybaslarynyň dabaraly görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, 19-njy awgustda paýtagtymyzda geçiriljek sergi ýarmarkasyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu halkara sergini guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, «tegelek stol», döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik, zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik, sport çärelerini, Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahaty guramak göz öňünde tutulýar. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlary, Aşgabat şäherinde «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem geljek aýyň esasy çäreleriniň hatarynda görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzda beýik ösüşlerimizi beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere awgust aýyndaky çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Kararyna laýyklykda, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyryny şu ýylyň sentýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň guramagynda bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlary guramaçylykly geçirilip, olara 1011 çagadan ybarat bolan 64 sany döredijilik topary, ýaşajyk aýdymçylar gatnaşdylar. Bäsleşigiň tapgyrlarynda eziz Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si saýlanylyp alyndy hem-de jemi 361 çaga döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryny şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, ýaş nesillerimizde sungata bolan söýgini döretmek, olaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda aýdym-saz, döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyryny geçirmek bilen bagly teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu hepdede Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Günorta Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Pakistan Yslam Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen gatnaşyklar däp bolan dostlukly häsiýete eýedir. Özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, saparyň çäklerinde Yslamabatda birnäçe gepleşikler we maslahatlaşmalar geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari tarapyndan kabul edilendigi bellenildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşygynyň çäklerinde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen bagly taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi.
Saparyň dowamynda daşary işler ministrleriniň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Pakistan halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, öňe sürülýän başlangyçlarydyr teklipleri özara goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada öňe süren başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmäge degişli mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça bilelikde iş alyp barmak hakynda ylalaşyldy. Gepleşikleriň çäklerinde halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek baradaky meselä garaldy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe teklipler beýan edildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň nebit ministriniň arasynda gepleşikler guraldy. Onuň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda degişli gepleşikleri geçirmek barada ylalaşyldy. Şeýle hem Türkmenistandan Pakistana suwuklandyrylan gazy, gazhimiýa, nebithimiýa önümlerini ibermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pakistanyň Hökümetiniň haýyşy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti “Frontier Works Organization” guramasy we “National Logistics Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda bu düzümleriň işleýän ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hem-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, “National Logistics Corporation” kompaniýasy türkmen tarapy bilen Hytaý — Pakistan — Owganystan — Türkmenistan, soňra Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlaryna awtomobil ýük daşamalary boýunça bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi.
Saparyň dowamynda dostlukly ýurduň beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri esasynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, parlamentara gatnaşyklary höweslendirmek, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli duşuşyklary geçirmek tejribesini dowam etdirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklarda ýokary döwlet we hökümet derejesindäki saparlardyr gepleşiklere möhüm orun berilýär.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, orta möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Maksatnamasyny işläp taýýarlamak we kabul etmek, bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisleriniň azyndan iki ýyldan bir gezek guralmagyny ýola goýmak, onuň mejlislerine işewürler toparlarynyň, ylmy edaralaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekillerini gatnaşdyrmak, kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik guralyny döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, energetika ulgamynda, hususan-da, gaz pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi. Durmuş ulgamynda gatnaşyklar barada aýdylanda, türkmen diplomatlaryny Pakistanyň Diplomatik akademiýasy tarapyndan guralýan okuwlara ibermek, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda urdu dili bölümini açmak meselelerini öwrenmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ýokary depginde ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli geçirilen gepleşikleriň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigini nygtap, hödürlenen teklipleri goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biriniň hem Eýran Yslam Respublikasy bolup durýandygyny belledi. Biziň ýurtlarymyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 30-njy iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin wise-premýer, daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredowy Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek işlerinde kiçi we orta telekeçiligi goldamak göz öňünde tutulýar. Bellenilişi ýaly, “Tehno Merkez” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda dürli görnüşli serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagyň maksadalaýykdygy öwrenildi. Şunuň bilen birlikde, geljekde serwer enjamlaryna abatlaýyş, tehniki goldaw bermek işlerini hem-de “akylly” şäher, “akylly” öý ulgamlary üçin zerur bolan enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi goşmaça iş orunlaryny döreder, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge uly üns berilýändigini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmakda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.