SYÝASAT
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşlik barada
2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyrjak ilkinji döwlet saparyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.