MEDENIÝET
Ýüregi ylhamly ene
Ene kalby, ene mähri, ene söýgüsi, ene hüwdüsi — bularyň ählisi ynsan ganynda aýlanýan mukaddeslikdir. Ene hakyndaky beýik düşünje her bir ynsanyň ýüregine ornan iň ajaýyp duýgudyr. Çünki, eneler belent sarpanyň, çäksiz hormatyň, beýik söýginiň, mukaddes ojagyň eýeleridir.
Murgap etrabynyň Gatyýap geňeşliginiň ýaşaýjysy, 99 ýaşyna gadam basan mähriban ene Ogulsapar Kulyşowa hem şeýle eneleriň biri. Onuň ýanýoldaşy Rejepmyrat Kulyşow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça söweşip, il-güni üçin janyny orta goýan merdana esgerleriň hatarynda tanalýar. Rejepmyrat aga 1945-nji ýylda Ýeňiş bilen sag-aman dolanyp gelýär. Ol soňra oba mekdebinde, Murgap etrabyndaky häzirki 13-nji orta mekdepde mugallym bolup zähmet çekýär. 48 ýyl töweregi mugallymçylyk kärinde işlän Rejepmyrat aga kyn günlerde-de, gowy günlerde-de ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde gijesini gündiz edip, yhlasly zähmet çeken halypa mugallymdyr. Ol bilim ojagyna örküni baglan bilim işgärleriniň hatarynda giňden tanalýar. Rejepmyrat mugallym 2013-nji ýylda aradan çykdy.
Ogulsapar ene bilen Rejepmyrat aga alty ogly kemala getirip, il hataryna goşdular. Häzirki wagtda Ogulsapar ene 27 agtygyna we 46 çowlugyna guwanyp, ajaýyp döwrümizde enelere goýulýan sarpanyň belentdigine buýsanyp, asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Şeýle bagtyýar durmuş bolsa Ogulsapar enäniň kalbyna ylham eçilýär. Onuň döreden goşgulary parahat Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleriniň, bagtyýar maşgalasynyň waspyny ýetirýär. Ýaşy bir çene baranam bolsa, kalby ylhamly Ogulsapar ene goşgularyny okanda ruhubelentligiň çür başyna çykýar. Onuň ýürek owazy bagt aýdymy bolup belentden ýaňlanýar.
Hawa, saglykly we bagtyýar ýaşalan ýyllaryň gatlarynda ene gaýratlylygy we mertligi bar. Şeýle gaýratlylyk we mertlik bilen perzentlerine, agtykdyr çowluklaryna saýa bolup, sekiz sany agtyk gelnine görelde görkezýän Ogulsapar enäni bütin oba sylaýar. Aýratynam, onuň ruhubelentligi, diýseň, haýran galdyrýar. Aýtjak sözi diline gelip, buýsanmakdan ýaňa ýüregi joşup duran bu mährem enäniň gözlerinde geçmişiň hasraty, şu günüň we geljegiň bagtyýarlygy görünýär.
Öý-ojaga, maşgala mukaddesligine wepaly bolmagyň nusgasyny görkezýän Ogulsapar enäniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň waspyny ýetirýän goşgysynda şeýle setirler bar:
Ýaşlara nusgalyk görelde bolan,
Abraý-mertebesi äleme dolan,
Şan-şöhrady has-da belende galan,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar.
Dowamat eýleýän ata kesbini,
Saýasynda bu ýurt bagtyň mesgeni,
Öňe alyp barýan bagtly neslini,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar.
Biz hem ýaşlaryň nusgalyk mekdebine öwrülen mähriban ene Ogulsapar Kulyşowanyň janynyň sag, ömrüniň uzak, galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Goý, döwrümiziň bagtly ynsanlary bolan eziz enelerimiziň mähir-muhabbete beslenen ýürekleri ynjamasyn! Şatlykdan doly nurana ýüzleri hemişe ýylgyryp dursun!