Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe süren «Hazar ekologik başlangyjyny» ara alnyp maslahatlaşmak meselesi girizildi. Ol başlangyç Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin täze halkara platforma bolmaga niýetlenendir.
Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmekde ençeme ýyllaryň dowamynda işjeňlik görkezýändigini we Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda möhüm orny eýeleýändigini bellediler. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.