Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Söwda ulgamynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň şertidir

Türkmenistanyň söwda syýasaty ýurduň ykdysady ösüşiniň we daşary syýasy gatnaşyklarynyň möhüm şertleriniň biridir. Içerki bazardaky söwda dolanyşygynyň ösüşi söwda pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň abadançylygynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň güwäsidir.
12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, dokma önümleriniň hilini, möçberini, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri görmek, dokma, haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramak üçin bu işe sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmek babatda tabşyryklar berildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça çäreleri dowam etdirmek barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini has netijeli guramagy tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak, daşary döwletlerde söwda öýlerini açmak meseleleriniň üstünde işlemegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileri söwda pudagynyň durnukly ösüşiniň güwäsidir. Hususan-da, şu ýylyň alty aýynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 104,5 göterime barabar boldy. Häzirki wagtda bu ministrlik ýurdumyzyň önüm öndürijilerinden, zerur bolan halatynda, daşary ýurtly önüm öndürijilerden ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin harytlaryň gerek bolan möçberini satyn almak boýunça degişli işleri alyp barýar. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, ýokary hilli import harytlarynyň getirilmegine, milli kärhanalar tarapyndan öndürilýän önümleriň hasabyna olaryň möçberiniň azaldylmagyna, daşary döwletlere iberilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagyna, bazarlarda, söwda nokatlarynda kadalaryň berjaý edilişine pugta gözegçilik ýola goýulýar.
Içerki bazary zerur önümler bilen üpjün etmek, halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän mukdarlaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary berkidilýär, hyzmatlar, söwda ulgamynyň ösdürilmegine iri maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan köp sanly döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ilata, daşary ýurtly myhmanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün edýär. Bölek we lomaý söwdanyň täze görnüşleri işjeň ösdürilýär, dürli söwda toplumlary, iri söwda-dynç alyş we hyzmat merkezleri gurulýar. Munuň özi hususy pudagyň maýa goýum ýagdaýynyň ösýändigini, raýatlaryň girdejileriniň artýandygyny subut edýär.
Şu ýylyň martynda paýtagtymyzda açylan «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi hem şeýle desgalaryň biridir. Bu desga «Ussat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan häzirki zaman inženerçilik-tehniki çözgütlerine laýyklykda, ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly bina edildi. Umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli, ýerasty awtoduralgaly söwda-dynç alyş merkezi köpugurly desgalary, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu ýerde köp sanly dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, gözellik salony, fitnes zaly, dermanhana, restoranlar, kafe, toý mekany we beýlekiler myhmanlara hyzmat edýär. Dükanlaryň tekjelerinde ýuwujy serişdeleriň, şampunlaryň, çygly süpürgiçleriň, başga-da köp sanly harytlaryň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir. Olaryň önümçiligi ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan üstünlikli özleşdirildi. Bu harytlar ozal daşary ýurtlardan getirilýärdi. Häzirki wagtda olar elýeterli bahasy, ekologik taýdan arassalygy babatda alyjylaryň uly islegine eýe bolýar.
Söwda merkeziniň dükanlarynda hödürlenilýän harytlary synlap, soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň önümçilik kuwwatlyklarynyň has-da ýokarlanandygyna, telekeçilik düzümleriniň döwrebap tehnologiýalar arkaly senagat taýdan ýokary derejelere ýetendigine göz ýetirmek bolýar. Bu aýdylanlar dürli bezeg görnüşlerinde we nusgada öndürilen hojalyk elektronika harytlarynyň, öýde ulanylýan enjamlaryň önümçiligine hem degişlidir.
Sanly tehnologiýalaryň ýurdumyzda ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Häzirki wagtda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasy ähli döwlet maksatnamalary we taslamalary bilen sazlaşykly utgaşýar. Milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, söwda ulgamynda-da lomaý we bölek satuw ulgamlaryny dolandyrmak boýunça sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin hukuk binýady döredildi. “Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda”, “Söwda işi hakynda”, “Türkmenistanda Internet ulgamynyň we internet-hyzmatlarynyň ösüşini hukuk taýdan kadalaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň esasynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Harytlary uzak aralykdan ýerlemegiň Düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de ornaşdyryldy. Oňa uzak aralykdan söwdany ýola goýmak, şol sanda harytlary mahabatlandyrmak, şertnamalary baglaşmak, harytlary sarp edijilere eltip bermegiň tertibi boýunça umumy düzgünler girizildi.
Aşgabatda döwlet söwda kärhanalaryny sanlylaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Kompýuter tehnologiýalary merkezi” tarapyndan esaslandyrylan “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň hünärmenleri “Hengsheng Lianhua Investment Management Co., Ltd.” hem-de “Tongfang Hongkong Limited” ýaly öňdebaryjy hytaý kompaniýalary bilen bilelikde işleýärler. “Agzybirlik tilsimaty” haryt nyşany astynda öndürilýän enjamlar, şol sanda sensor ekranly kompýuterler, çek-printerler, ştrih-kod printerleri, skanerler söwdanyň guralyşyna awtomatik ýagdaýda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde ýokary tehnologiýaly önümçilik desgalaryny döretmek, ýerli çig maldan öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini, möçberini artdyrmak boýunça görülýän çäreler milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak babatda giň gerimli işleriň ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen görkezijilere laýyklykda, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda taýýarlanan önümleriň, şol sanda nah ýüplügiň, matalaryň önümçiliginiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 133,5 we 122 göterime deň boldy. Tikin, trikotaž önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,4 göterime, gön önümçiliginiň ösüşi bolsa 118 göterime ýetdi. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümçiliginiň meýilnamasy 101,3 göterim ýerine ýetirildi.
Ösen we netijeli söwda ulgamy haryt iberijilere, önüm öndürijilere hil babatda ýokary talaplary bildirip, sarp edijilere ýetirilýän önümleriň hiline gözegçilik edýän ulgama gatnaşyjy bolup çykyş edýär. Şeýlelikde, ol döwletiň ilatyň saglygyny goramak boýunça tagallalaryna saldamly goşant goşýar. Häzirki wagtda ştrih-kodlar bilen bellemek ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň önüm öndürijileri tarapyndan çykarylýan harytlyk önümleriň onlarça müň görnüşine eýýäm degişli nyşan dakyldy. Türkmenistanyň GSI halkara ulgamyna goşulmagy hem ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hilli türkmen harytlarynyň önümçiliginiň möçberiniň, olara bolan islegiň artýandygyny göz öňünde tutsak, önümler üçin ştrih kodlaşdyryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, harytlaryň görnüşlerini köpeltmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Bazar ykdysadyýetine geçilen döwürden bäri Türkmenistanda söwdanyň haryt biržasy ýaly görnüşi ösüp başlady. Şu ýylyň birinji ýarymynda Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaryň 147-si geçirilip, şolarda 14 müň 40 şertnama hasaba alyndy.
Daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde, bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde, işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmekde Söwda-senagat edarasyna möhüm ähmiýet berilýär. Onuň esasy wezipeleriniň hatarynda işewür düzümler bilen döwlet hem-de hojalyk dolanyşygyndaky edaralaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy guramak, Türkmenistanyň hususy pudagynyň halkara işewürlik bileleşigine goşulyşmagyna, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlarynyň daşary ýurtlara çykarylmagyna ýardam bermek, içerki we daşary ýurt maýa goýumlary, döwrebap tehnologiýalary çekmek ýaly wezipeler bar. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşiniň 111,4 göterime deň bolmagy uly üstünlikleriň gazanylandygyny subut edýär. Hasabat döwründe 12 sergi we 65 maslahat geçirildi. Muňa mysal hökmünde ýurdumyzyň söwda toplumynyň gazananlarynyň sergisini, owgan harytlarynyň sergisini, Türkmenistanyň we Owganystanyň işewürleriniň maslahatyny, “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatyny görkezmek bolar.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýalaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberlerini, görnüşlerini artdyrmakda telekeçilik ulgamy wajyp orny eýeleýär. TSTB-niň oba hojalyk toplumynda iş alyp barýan, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarda ýöriteleşen agzalary ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmäge möhüm goşant goşýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüş depgini şu ýylyň alty aýynda 112,1 göterime, senagat önümçiligi bolsa 103,2 göterime barabar boldy. Türkmen önüm öndürijileriniň ýokary hili, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan önümlerine daşarky bazarlarda-da uly isleg bildirilýär. TSTB-niň daşary ýurtlardaky söwda wekilhanalarynyň alyp barýan işleri türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, öňdebaryjy dünýä tejribesini, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, işjeň halkara işewürlik gatnaşyklarynyň görnüşlerini ulanmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzda döwlet emlägini hususy eýeçilige geçirmek işi giň gerime eýe boldy. Munuň özi köp sanly hususy kärhanalaryň açylmagyna, täze işewürlik düzümleriniň döredilmegine mümkinçilik berdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy boýunça «Hil standart» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda azyk önümleriniň howpsuzlygyna baha bermek boýunça barlaghana merkezi döredildi. Bu merkeziň işiniň hil derejesi ISO/IEC17025:2017 halkara standarty esasynda tassyklanyldy. Türkmen kärhanalarynyň mynasyp bolan ISO we HACCP halkara güwänamalary olaryň öndürýän azyk önümleriniň ýokary hiline, ekologik taýdan howpsuzlygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasat bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär. Döwletimiziň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň sany barha artýar. Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherindäki “Türkmenistanyň söwda öýi”, Belarus Respublikasyndaky “Türkmen-belarus söwda öýi”, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki “Türkmen-türk söwda öýi” jogapkärçiligi çäklendirilen paýdarlar jemgyýetleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda uly orny eýeleýär. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň fewralynda Tatarystanyň paýtagtynda Türkmen söwda öýi açyldy. Ol Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynda öndürilen dürli harytlaryň lomaý hem-de bölek söwdasy bilen meşgullanýar.
«Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, milli söwda nyşanly harytlaryň täze görnüşlerini öndürmek, olary daşary ýurtlarda giňden mahabatlandyrmak boýunça möhüm wezipeler öňde goýuldy. Türkmenistan dünýä bileleşiginde «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlary öndürmekde we ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmakda uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde bellidir. Milli haryt öndürijileriň önümleriniň ýokary hiliniň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynyň özboluşly nyşany bolan “Türkmenistanda öndürilen” haryt nyşanynyň döwrüň talabyna laýyklykda döredilendigi mese-mälim ýagdaýdyr. Dürli ulgamlarda, şol sanda daşary söwda işinde ýetilen belent sepgitler munuň aýdyň güwäsidir.
Döwletimiz tarapyndan söwda, hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilýän iri maýa goýumlary häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ykdysady nusgany döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň maýa goýumlar üçin özüne çekijiligini, türkmen halkynyň ýokary durmuş derejesini üpjün edýär.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler, milli ykdysadyýetiň işine bazar mehanizmleriniň we ýörelgeleriniň girizilmegi Watanymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegini şertlendirýär. Munuň özi içerki söwdanyň görlüp-eşidilmedik ösüşinde öz beýanyny tapýar. Şunda bäsdeşlik gurşawy emele geldi we telekeçilik işjeňligi aýdyň ýüze çykdy.