Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Budapeştde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy

Düýn Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeni we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Budapeşte iberildi.
Dabaraly çäreler başlanmazdan öň oňa gatnaşyjylar guralan sergini synladylar, ol ýerde milli sazyň owazy astynda ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty bilen tanyşdylar.
Döredijilik çäresiniň açylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilen çäreleriň türkmen-wenger gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini bellediler.
Wengriýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde biziň ýurdumyzyň wekiliýeti 9-11-nji awgust aralygynda Bugaç şäherinde geçiriljek gün we türki halklaryň gadymy däp-dessurlarynyň goralyp saklanmagy we sähra çarwa medeniýetleriniň gaýtadan dikeldilmeginiň baýramçylygy bolan gurultaý-festiwala gatnaşar.
Şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligiň açylyş dabarasy bolar.
Wengriýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri 11-nji awgusta çenli dowam eder.