Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Döwlet Baştutanymyz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda ýakyndan we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak sebit gün gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny belledi.
Şunda ulag we kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyga esasy orun degişlidir. Häzirki günde bu ulgam depginli ösýär, bäsdeşlik artýar, Ýewraziýada täze ulag üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, geografik, logistika we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly sebitimiziň bu işlere öz wagtynda hem-de netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr.
Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag özara baglanyşygynyň güýçlendirilmegi ýurtlarymyzyň çäginde döwrebap logistikanyň döredilmegini, kanunlaryň sazlaşdyrylmagyny, özara gümrük, nyrh we beýleki ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda edilmeli köp iş bardygyny we biz ady agzalan wezipeleri iň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi.
Häzirki zaman şertlerinde halkara energetika hyzmatdaşlygynda, ýurtlarymyzyň energiýa serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda biziň döwletlerimiziň eýeleýän orny ýokarlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bar bolan we ýakynda dörediljek täze senagat hem-de oba hojalyk kuwwatlyklaryny, infrastruktura desgalaryny, şeýle hem bilelikdäki önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak strategik maksatdyr.
«Şeýle ulgam ýurtlarymyzy dünýäniň energetika bazarynda bolup biljek ýaramaz ýagdaýlardan goramalydyr, olaryň ýetirjek täsirlerini peseltmelidir, tehnogen we tebigy häsiýetli garaşylmadyk ýagdaýlarda milli energiýa ulgamlarynyň zerur ätiýaçlyk goruny döretmelidir» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şeýle hem söwdanyň giňeldilmegi, senagat taýdan goşulyşmak, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm meseleler hem ünsden düşürilmeli däldigini bellenildi.