Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YKDYSADYÝET

Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar

Şu günler ýurdumyzda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan dürli derejeli çärelerdir dabaralar, duşuşyklar, maslahatlar giň gerime eýe bolýar. Şeýle baý mazmunly gyzykly çäreler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şatlykly geçirýän çagalaryň arasynda hem yzygiderli guralyp durulýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Hazaryň ekologiýasyny gorap saklamak, tebigy baýlyklaryny aýawly peýdalanmak Diýarymyzda amala aşyrylýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda dostlugyň hem ylalaşygyň deňzi bolan Hazaryň tebigy gözelliklerini ylmy esasda öwrenmek, onuň biodürlüligini baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmek bolsa mukaddes borjumyzdyr.
II-ýurt, umumadamzat bähbidine gönükdirilen asylly tutumlardan ruhlanyp zähmet çekýän Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň agzybir hünärmenleri hem Günbatar sebitiň edaralardyr kärhanalarynda, guramalarynda, okuw mekdeplerinde, jemgyýetçilik ýerlerinde wagyz-ündew häsiýetli işleri dowamly alyp barýarlar. Ekologiýa çärelerinde ýaş nesillerde tebigata bolan söýgi-buýsanç duýgularyny terbiýelemek, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga höwes döretmek, oňa gözüň göreji kimin aýawly garamak, goramak ýaly işjeň häsiýetleri ösdürmek baş maksat edinilýär. Şu mynasybetli, geçirilýän çäreleriň netijeliligini gazanmak üçin tebigaty goramak bilen baglanyşykly döredijilik bäsleşikleri, şonuň ýaly-da tebigatyň janly gözelliklerini, baýlyklaryny açyp görkezýän sergiler, dürli çäreler guralýar, tebigat temasyndan seminarlar geçirilýär. Elbetde, gyzykly çäreler toplumy hem ýaş nesillerde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar.
Çagalaryň arasynda asfaltyň ýüzünde tebigatyň gözelliklerine, Hazaryň ösümlik, haýwanat dünýäsine, Hazar deňziniň gününe degişli temalardan surat çekmek boýunça guralýan bäsleşikler, medeni-sport ýaryşlary hem unudylmajak pursatlara beslenýär.