Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmagy, olaryň halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar.
Şu günler zähmet rugsadynda bolýan Gahryman Arkadagymyz säher bilen adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýän Milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty bilen meşgullanmagyň nusgalyk göreldesini görkezýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň awtomobil sportunyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Şunda maddy-enjamlaýyn binýadyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, bu ugra ýaşlaryň işjeň çekilmegine, türkmen türgenleriniň ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli derejedäki ýaryşlary guramak üçinem hemme zerur şertler döredilýär.
Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Bu ýerde ýokary derejede enjamlaşdyrylan döwrebap sport ulaglary bar.
Awtomobil sporty boýunça baý tejribe toplan türkmen halkynyň Milli Lideri merkeziň badalga nokadyna çykdy. Sport ulaglarynyň birini dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur bolan tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirmek, şunda ýoluň we howanyň derejesini kesgitlemek, ulagyň tehniki aýratynlyklaryny nazara almak awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlere bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Soňra awtoulag Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dolandyrmagynda dessine tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini ýerine ýetirdi.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzda awtomobil sporty okgunly ösüşe eýe boldy. Türgenlerimiziň halkara awtoralli ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Şeýlelikde, awtomobil sporty hem sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda giň goldawa eýe bolýar hem-de bu ugurda ýokary netije gazanýan türgenler yzygiderli höweslendirilýär.
Soňky ýyllarda awtomobil sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ilatyň, ilkinji nobatda, ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn bolup ýetişmeklerine gönükdirilýär. Milli Liderimiz hemişe sportuň adamlarda, aýratyn-da, ýaşlarda maksada okgunlylygy, erki hem-de işjeň hereket etmek endiklerini terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini belleýär. Bu gezek hem Gahryman Arkadagymyz mümkin bolan iň ýokary tizlikde merkeziň türgenleşik meýdançasynyň ýollaryny geçip, driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda ussatlygyny görkezdi.
Ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykýandygyny, onuň baý taryhynyň bardygyny nygtamak gerek.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda türkmen türgenleri “Ýüpek ýoly — 2024” halkara awtoralli ýaryşyna gatnaşyp, ýokary netijeleri gazandylar. Dünýäniň 13 ýurdundan 100-e golaý toparyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryş 11 günläp dowam etdi. Altaý daglarynyň, Gobi çölüniň ugry boýunça geçirilen ýaryşyň menzili 5 müň kilometrden gowrak bolup, şonda türkmen türgenleri kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.
Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň sentýabrynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň üstünlikli geçendigini bellemek ýakymly. Şol halkara ýaryşa Milli Liderimiziň hem gatnaşyp, ralliniň ugry boýunça kesgitlenen menzili geçmekde ýokary netije görkezendigi hemmeleriň ýadyndadyr. Şeýlelikde, hormatly Arkadagymyzyň “Amul — Hazar 2018” ýaryşlarynyň saýlama tapgyryna gatnaşmagy ýaşlar üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi. Ýokary netijelere beslenen şol ýaryşda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde kesgitlenen aralygy geçmekde iň oňat wagty görkezipdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ençeme gezek sport awtomobillerini sürüp, gazanan ajaýyp ýeňişleri ýurdumyzyň awtomobil sportunyň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyldy.
Türkmen awtosportunyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, ýokary tizlikli, döwrebap ýaryş ulaglarynyň täze görnüşleri satyn alynýar. Munuň özi ýaşlaryň sportuň bu görnüşi bilen giňden meşgullanmagyny şertlendirýär, sürüjileriň we olaryň tälimçileriniň ussatlygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Bu ugurda döwlet derejesinde amala aşyrylýan işleriň sebit, ählumumy häsiýete eýe bolýandygyny, sportuň döwletleriňdir halklaryň ýakynlaşmagyna, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine oňyn mümkinçilikleri döredýändigini bellemek gerek.
Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň drift meýdançasynda ýene-de bir gezek ulag sürmegiň ussatlygyny görkezdi.
Soňra bu ýerde Milli Liderimiz Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysy R.Begenjow bilen söhbetdeş bolup, häzirki döwürde merkezde alnyp barylýan işler, awtomobil sporty bilen meşgullanýan ýaşlaryň bu ugra bolan höwesi bilen gyzyklandy.
R.Begenjow öz aralaryna gelip, merkeziň işi bilen gyzyklanýandygy üçin hormatly Arkadagymyza hoşallyk bildirip, bu ýerde awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri, netijeli bäsleşikleri guramaga ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Şeýle hem ol häzirki döwürde awtomobil sporty bilen gyzyklanýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny, merkezde awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilýändigini habar berdi.
Milli Liderimiz Sport ulag merkeziniň ozal boş ýatan künjekde gurlandygyny belläp, häzirki wagtda onuň işiniň talabalaýyk guralmagy ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilendigine kanagatlanma bildirdi. Merkeziň çäginde sport awtoulaglaryny talabalaýyk dolandyrmak, onuň işini toplumlaýyn esasda alyp barmak babatda döredilen şertler ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Gahryman Arkadagymyz ugurdaş desgalar toplumynyň özboluşly şäherçä öwrülendigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, bu ýerde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe desgalaryň döredilendigini, onuň golaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň hereket edýändigini, şol bir wagtyň özünde bolsa bu ýerde şähergurluşyk işleriniň dowam etdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek we ony seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi maslahat berdi hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda awtomobil sportuna degişli desgalaryň, önümçilik toplumlarynyň gurulmagynyň maksadalaýyk hasaplanmaýandygyny aýdyp, ýaryş geçirilende ýokary tizlikde hereket edýän, güýçli sesli awtoulaglaryň raýatlaryň rahatlygyny bozmazlygy üçin, şeýle-de bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, merkezi göçürmek teklibini öňe sürdi. Munuň özi adam hakyndaky aladanyň esasy orunda durýandygyny görkezýär.
Merkeziň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň bu maslahatynyň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de ähli işgärleriň we gullukçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi.
Merkeziň çäginde awtomobil sporty boýunça türgenleri taýýarlamak bilen bir hatarda, türgenleriň awtoulaglary dolandyrmakda hüşgärligini artdyrmak, ýollarda hereket sazlaşygyny üpjün etmek ukybyny we kesgitlenen tertip-düzgüni berk berjaý etmek endiklerini ösdürmek zerurdyr diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu babatda birnäçe nesihatlaryny berdi.
Bu ýerde taýýarlanylýan türgenleriň tapawutly tarapy, olaryň ählitaraplaýyn ukyp-başarnykly bolup ýetişmegidir, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak üçin ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi, ýolagçylar üçin hem, sürüjiler üçin hem hereketleriň sazlaşygynyň saklanylmagydyr, ulagy dolandyrýan pursadynda, islendik tizlige garamazdan, örän oýlanyşykly çözgütleri kabul edip bilmegidir, her pursatda olaryň hüşgär hem üşükli bolmagydyr.
Gahryman Arkadagymyz merkeziň ýolbaşçysyna ýüzlenip, türgenleri taýýarlamagyň, olaryň halkara ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmegiň merkeziň esasy wezipesidigini, bu ugra degişli desgalaryň gurulmagynyň we olarda ähli zerur şertleriň döredilmeginiň döwlet derejesindäki meseledigini aýratyn belledi. Milli Liderimiz täze toplumyň dörediljek ýeri kesgitlenilse, bu babatda öňe sürlen teklibi Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysyna ýetirjekdigini aýtdy. Sportuň hak Howandary Gahryman Arkadagymyz R.Begenjowa ýüzlenip: “Ussat türgenleri taýýarlamak, ýurdumyzyň awtomobil sportunyň abraýyny belende galdyrmak siziň bilen, gurmak, şert döretmek bolsa biziň bilen!” diýip nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysyna mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.