SYÝASAT
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Düyn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Kanunlar hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly başga-da birnäçe kanunlar kabul edildi. Dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mejlisiň kararlarynyň 15-si kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýylyň başyndan bäri daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 10-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 27-si geçirildi. Deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça abraýly düzümler bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 77-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurtlara iş saparlarynyň 26-sy guraldy. Şeýle hem deputatlaryň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giňden wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralan çärelere gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,1 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 7,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy.
2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 11 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,9 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,1 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi, hususan-da, durmuş maksatly we düzümleýin desgalaryň gurluşygy boýunça görkezijiler beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamaga möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, täzeleriniň işini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, pudaklaýyn düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,6 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 112 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim boldy. Şunuň bilen birlikde, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan görkezijiler hakynda aýdyldy. Maýa goýumlar barada maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça meýilnama 119,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, nebitiň çykarylýan we gaýtadan işlenen nebit önümleriniň möçberini artdyrmak zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, häzirden taýýarlyk işlerini geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Wise-premýer täze, döwrebap ugurdaş desgalary gurmak, işe innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly “Türkmengaz” döwlet konserniniň infrastrukturasyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň serişdelerinden we önümçilik kuwwatyndan doly peýdalanmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýanyň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan çäreler tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmaga, ýurdumyzyň sarp edijilerine iberilýän gazyň we eksportyň möçberini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakda uly ähmiýeti bolan desgalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak hakynda Karara gol çekdi we resminamany wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudagynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Oba hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 125,4 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 104,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 134,6 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 225,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 115 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,3 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,5 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,5 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 434,1 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak babatda işler alnyp barylýar.
Welaýatlarda bugdaý ekişi möwsümine degişli taýýarlyk görülýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň welaýatlarynda 2025-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň, mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Häzir gallaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişi ýetip geldi. Bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berýändigini aýtdy we hormatly ýaşululardan bugdaý ekişini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gurluşyk-senagat toplumy tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,5 göterim boldy. Şu ýylyň ýedi aýynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 107,8 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 28 million manada deň boldy. Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 106,6 göterim, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 126,8 göterim berjaý edildi.
Ýanwar — iýul aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 110,8 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak hem-de taslama kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, täze önümçilikleri ýola goýup, iş orunlaryny döretmek işlerini dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, hususy pudakda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,5 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 103 göterim ýerine ýetirildi. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 139,4 göterime, nah matalaryňky 125 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 105 göterime, gön önümleriniňki 119,6 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar — iýul aýlarynda 174 birža söwdasy geçirilip, olarda 16 müň 821 şertnama hasaba alyndy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,1 göterime barabar boldy. Sergileriň 13-si, maslahatlaryň 77-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,3 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy pudagyň önümçiliklerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze önümçilikleri döretmek, eksporta iberilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek babatda maksatnamalaýyn işleri geçirmegiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli tabşyryklar berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýedi aýynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe şanly seneler, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler guraldy. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Aşgabat we Arkadag şäherleri, Ahal, Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň iýulynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň döredijilik toparlary gatnaşdy. Mundan başga-da, Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen halk tanslarynyň “Altyn garagöz” atly 36-njy Bütindünýä bäsleşigine, ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyna, Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen ýaş opera aýdymçylarynyň halkara bäsleşigine, Wena şäherinde guralan Bütindünýä orkestr festiwalyna Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň we kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada-da hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň ähli bilim işgärleriniň adyndan Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlap, Diýarymyzda işlemek, döwrebap bilim almak babatda ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyryldy, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallary gazandylar. Ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyryldy, okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň 1305-si makullanyldy. Alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy, dissertasiýalar goraldy. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, sergiler we beýleki çäreler, şol sanda tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Ýylyň başyndan bäri amaly lukmançylyga öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Degişli saglygy goraýyş edaralaryna gazna tarapyndan gemodializ enjamlary sowgat berildi. Täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Hasabat döwründe türgenlerimiz halkara ýaryşlaryň 115-sine gatnaşyp, jemi 391 (127 altyn, 110 kümüş, 154 bürünç) medala mynasyp boldular. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi hem-de Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan degişli güwänama gowşuryldy.
Soňra wise-premýer Bilimler we talyp ýaşlar gününe, 2024-2025-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli dabaralaryň, şol sanda Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.
Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen geçiriler hem-de ol Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünliklere, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçiliklere bagyşlanar. Ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan “Bilimli” atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Şol gün Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralary açylyp, bilimler baýramçylygy has-da dabaralandyrylar. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky 1200 orunlyk orta mekdep, Lebap welaýatyndaky 1360 orunlyk 2 sany orta mekdep, Mary welaýatyndaky 160 orunlyk çagalar bagy hem-de 500 orunlyk orta mekdep bar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna döwrebap kompýuterleri sowgat bermek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimize ýolbaşçylar düzümine zähmet dynç alşy döwründe ýurdumyzyň şypahanalarynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak üçin döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýedi aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler geçirildi. Halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara we gepleşiklere aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly çärelere gatnaşdy.
Ýylyň başyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda, Täjigistan Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda saparda boldy.
Hasabat döwründe Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. 24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Hökümet ýolbaşçylary Aşgabada iş sapary bilen geldiler.
Abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarlary ýurdumyzda saparda boldular.
Daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary, guralan gepleşiklerdir duşuşyklar dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 106 resminama bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Hasabat döwründe Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary wekili bilen gepleşikler geçirildi. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berlip, bu ugurda degişli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary yzygiderli berkitmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 103,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 153,8 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 113,4 göterime barabar boldy.
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan ýerine ýetirilen işler, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde görlen çäreler, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli durmuş-önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada-da hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýalar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini döwre görä yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagyň, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 7,8 göterime deň boldy. Şeýle-de hasabat döwründe ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.
Döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynda köp sanly çäreleriň geçiriljekdigine ünsi çekip, olara jogapkärçilikli çemeleşip, çäreleri ýokary derejede guramak üçin degişli işleri ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi.
1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden belleniler, döwrebap okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň birnäçesi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler. Ýaş nesillerimizi mynasyp terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş maksady bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz geljekde-de bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini belläp, mejlise gatnaşyjylary, ähli bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.