Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YKDYSADYÝET

2024-nji ýylyň ýedi aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3 göterim boldy

u ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerine bagyşlanan Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.
Geçen 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,6 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 112 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim boldy.
Şunuň bilen birlikde, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan görkezijiler hakynda aýdyldy.