MEDENIÝET
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!
Gadyrly ýaşlar!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar döwletimizde şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly beýik ösüşlerini, dünýädäki belent şan-şöhratyny, agzybir halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny joşgunly wasp edýän döwrebap aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde siziň uly üstünlikleri gazanjakdygyňyza ynanýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarymyzda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalary Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirýär, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalarda, senagat-önümçilik toplumlarynda täze iş orunlarynyň müňlerçesi döredilip, olara sanly ulgamyň, kämil innowasiýalaryň, dünýä tejribesiniň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler täze taryhy döwürde üstünlikli dowam etdirilip, Diýarymyz tanalmaz derejede özgerýär.
Gadyrly ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçy ýaşlary!
Häzirki döwürde biz medeniýet ulgamynyň dünýä derejesindäki ösüşlere eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berýäris. Ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda, ilatymyzyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýetiň kämilligi döwletiň ruhy sütünidir.
Şöhratly ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda sünnäläp, biziň günlerimize ýetiren medeni gymmatlyklary, milli mirasy, sungaty we edebiýaty Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Merdana pederlerimiz nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde sungatyň synmaz güýjüne aýratyn ähmiýet beripdirler. Milli sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-sazlarymyz ynsan kalbynda ýagşylyklary, Watana söýgini kemala getirmegiň özboluşly mekdebine öwrülipdir. Häzirki döwürde türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmek, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirýäris.
Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, dutarçy bagşy-sazandalaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň aýdym-saz sungatyna söýgüsini, höwesini artdyrmaga, zehin-ukyplaryny kämilleşdirmäge uly ýardam berýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu döredijilik bäsleşiginiň ähmiýeti has-da artýar. Söz ussadynyň baý döredijilik mirasy, çuňňur many-mazmunly goşgulary zehinli ýaşlarymyzy aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar.
Mähriban aýdymçy ýaşlar!
Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Aşyr Kulyýew, Weli Ahmedow, Çary Nurymow, Aman Agajykow, Rejep Rejebow, Rejep Allaýarow ýaly meşhur kompozitorlarymyzyň döreden eserleri häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly goşant boldy. Türkmen halkynyň milliligini, ruhy dünýäsini, mukaddes topragymyzyň kerem-keramatyny, tebigatymyzyň gözelliklerini açyp görkezýän aýdym-sazlar halkyň kalbynda baky orun aldy. Bu gün ajaýyp döwrümizde höwesjeň aýdymçy ýaşlarymyzyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary hem, meşhur kompozitorlarymyzyň döredijilik mekdebi ýaly, kämilligi we milliligi bilen ýürekleri joşdurmalydyr. Biz höwesjeň aýdymçy ýaşlarymyzyň her biriniň geljekde halkyň kalbyna ornaýan, göwünlere ganat bekledýän aýdymlary has-da joşgunly ýerine ýetirjekdiklerine, bu ugurda ukyp-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirjekdiklerine berk ynanýarys.
Ýaş aýdymçy ýigitler we gyzlar!
Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tutumly toýlarymyzyň bezegine öwrülýän kämil aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde size mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.