Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde däp boýunça ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda her ýyl geçirilýär.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi zehinli ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden ýaş artistleri bir ýere jemleýän bu bäsleşik ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, halkymyzyň bahasyz ruhy mirasyna, baý aýdym-saz medeniýetimize aralaşmaklaryna şert döredýär.
Bu bäsleşik täze zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns-aladalary netijesinde ýaş zehinleriň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmeklerine täze itergi berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilip, ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurulýar. Bu ýerlerde aýdym-saz bäsleşigine gatnaşýanlaryň çykyşlary geçirildi. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň aglabasy başlangyç aýdym-saz bilimini sungat mekdeplerinde aldylar, döredijilik bilen meşgullanmak, milli aýdym-saz sungatymyzyň şöhratyny artdyrmaga ukyply, zehinli ýerine ýetirijileri ýüze çykarmak üçin hemme mümkinçilikler döredilen oba medeniýet öýlerinde döredijilik ukyplaryny ýüze çykardylar.
Bäsleşigiň ähli deslapky – etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan iň ökde aýdymçylaryň umumymilli gözden geçirilişi aýdym-saz sungatynyň uly dünýäsine aralaşmakda möhüm badalga boldy. Tomaşaçylar üçin bolsa, ol ýaş zehinler bilen tanyşdyrýan hakyky baýramçylykdyr.
Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden ýeňiji bolmaga iň mynasyp iki aýdymçy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede bolsa, jemi 14 ýaş aýdymçy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly we sazsyz görnüşde ýaňlandy. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy göz öňünde tutuldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň konsertine geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetinde halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, dutarçy bagşy-sazandalaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän bu telebäsleşigiň ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň aýdym-saz sungatyna söýgüsini, höwesini artdyrmaga, zehin-ukyplaryny kämilleşdirmäge uly ýardam berýändigi bellenilýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu döredijilik bäsleşiginiň ähmiýeti has-da artýar.
Bäsleşige gatnaşýanlaryň köpüsi nusgawy şahyrlaryň sözlerine belli türkmen kompozitorlarynyň ýazan hem-de meşhur dessanlaryň aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Aýdym-saz baýramçylygy tamamlanandan soň bäsleşigiň jeminiň jemlenilmegi we ýeňijileriň yglan edilmegi döredijilik bäsleşiginiň iň bir tolgundyryjy pursady boldy.
Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda ýeňijileriň atlary yglan edildi we olara ýörite diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Şeýle hem jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.